Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýany GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy

BT
Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýany GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy
GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti, Russiýa, Sankt-Peterburg, (Surat: kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda ony şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek sammitiň 9-njy oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdigini belledi.

Nikol Paşinýan çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi. Şeýle hem ol Ermenistanyň bu sammite işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şeýle hem dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022