Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde “Atçylygy ösdürmäge uly goşandy üçin” hormatly baýragy we “Ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşandy üçin” şahadatnamasy bilen sylaglandyryldy. Abraýly halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy 5-nji sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde halkara atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň dowamynda boldy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa şahadatnamany gowşurmak baradaky karar Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan atçylyk däplerini gorap saklamak, Ahalteke atlarynyň dünýädäki ösüşine we wagyz edilmegine goşan goşandyny ykrar etmek maksady bilen kabul edildi. Baýrak we şahadatnama mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan soň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewreden tarapyndan gowşuryldy.
Marian Weltewreden "Pilbergen" atçylyk sport toplumynda geçirilen konferensiýanyň açylşynda eden çykyşynda Ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň taryhda ilkinji gezek Ýewropada geçirilýändigini belledi. Şeýle hem ol Ahalteke atçylygy boýunça halkara assosiasiýasynyň açyk konferensiýasynyň hem ilkinji gezek Ýewropada geçirilýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çärä gatnaşmagynyň Ahalteke atçylygynyň özboluşly mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydygyny aýtdy.
Marian Weltewreden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara Ahalteke atçylygyny ösdürmekdäki ornuna aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda Aşgabatda onlarça ýurtdan atşynaslary, alymlary we at eýelerini birleşdiren Ahalteke atçylygy boýunça halkara assosiasiýasy döredilendigini, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gurama on ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk edip, umumy tohumçylyk işleriniň we bitewi düzgünleriň binýadyny goýandygyny belledi.
Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň häzirki zaman atçylyk-sport infrastrukturasy ulgamynyň, atçylyk boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegini hem aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, akademiýada tohumyň arassalygyny gorap saklamak üçin genetika we molekulýar biologiýa usullary ulanylýar. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilendigini, Ahalteke atlarynyň tohumynyň wagyz edilmegi we her ýyl geçirilýän gözellik bäsleşikleri arkaly dünýäde bu tohumyň has giňden tanalýandygyny ýatlatdy.
Marian Weltwreden Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahalteke atlary baradaky kitaplarynyň ähmiýetini hem belläp, olarda türkmen seýisleriniň bilimleriniň we däpleriniň ulgamlaşdyrylandygyny aýtdy. Ol atçylyk mirasyny gorap saklamak boýunça köpýyllyk işleriň halkara derejesinde ykrar edilmegi bilen hem baglanyşyklydygyny belledi. 2023-nji ýylyň dekabrynda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna biragyzdan girizildi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ahalteke atlary Ýewropada, Amerikada we Hytaýda ösdürilip ýetişdirilýär we tohuma bolan gyzyklanma bolsa barha artýar.
Baýraga mynasyp bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ony uly hormat hökmünde kabul edendigini aýdyp, bu ýokary sylagyň ilkinji nobatda dünýäde meşhur Ahalteke atlarynyň watany bolan türkmen halkyna we Türkmenistana bildirilýän hormatyň hem-de minnetdarlygyň nyşanydygyny belledi. Ol Ahalteke atynyň taryhynyň türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, atlaryň bolsa asyrlaryň dowamynda halkyň wepaly dosty, ýoldaşy, daýanjy we buýsanjy bolup gelendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde eden çykyşynyň dowamynda Ahalteke atynyň türkmenleriň taryhynyň we milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegidigini belläp, arassa tohum atlaryň sanyny köpeltmek we olary ösdürmek, ylmy barlaglary geçirmek, DNK barlaglaryny ornaşdyrmak hem-de elektron maglumatlar binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Şeýle hem ahalteke tohumyny gorap saklamak we ösdürmek meselesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşulandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda abraýly baýrak üçin minnetdarlyk bildirip, çäräni gurnaýjylara myhmansöýerlikleri we çäräniň geçirilmegine goşan goşantlary üçin hoşallyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahalteke atçylygy pudagynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini belläp, bu hyzmatdaşlygyň dürli ýurtlaryň we nesilleriň özboluşly tohumy gorap saklamak we ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.









