Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atçylygyny ösdürmekde başlangyçlary öňe sürdi

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atçylygyny ösdürmekde başlangyçlary öňe sürdi
Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, 2026-njy ýylyň 5-nji sentýabry (Surat: BT)

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde ahalteke atçylygyny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewiniň bitewi genetiki bankyny we ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň bu işleri goldamaga, maslahat beriş we usulyýet taýdan ýardam etmäge, arhiw hem-de beýleki zerur materiallary bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagyny giňeltmegiň möhümdigini belläp, ahalteke atlarynyň Olimpiýa oýunlarynyň meýdançalaryna çykarmagyň esasy maksatlaryň biri bolmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmegi, şeýle hem tohum atlaryna bagyşlanan iri halkara baýraklaryny döretmegi teklip etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “ýaşyl diplomatiýany” we ekosyýahatçylygy ösdürmegiň hem möhüm ugurlaryň biridigini belläp, ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatlary guramagyň dünýä syýahatçylygynda täze ugur bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri weterinar ylmy boýunça halkara barlag grantlaryny döretmek we ahalteke atlarynyň özboluşly genomyny öwrenmäge maýa goýmak baradaky teklibi mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna hödürledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň arasynda ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtap, bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, taryhy maglumatlary we materiallary alyşmagy teklip etdi. Mundan başga-da, ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik eserlerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental taslamalarda, sanly çeşmelerde we çap önümlerinde taýýarlamak boýunça meýilnamalary işläp düzmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kronenbergde geçirilýän halkara atçylyk çempionatynyň köp ýurtlaryň degişli assosiasiýalaryny bir ýere jemleýändigini belläp, munuň ahalteke atlaryny söýüjileriň, hünärmenleriň we pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döredýändigini nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022