Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Niderlandlar Patyşalygynda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça geçirilýän halkara çempionatynyň dowamynda friz tohumyndan bolan bäş aýlyk taýçanak sowgat berildi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berýär.
Friz taýçanagy “Peelbergen” atçylyk sport toplumynyň esaslandyryjysy we Direktorlar geňeşiniň başlygy Marko Zeekafyň adyndan çuňňur hormatyň, dostlugyň we hoşallygyň nyşany hökmünde türkmen halkynyň Milli Liderine gowşuryldy.
Marko Zeekafyň bellemegine görä, friz aty güýç-kuwwatyň, ajaýyplygyň we dostlugyň nyşany bolup, Niderlandlaryň iň meşhur we gadymy at tohumlarynyň biridir. Bu tohum dünýäde özüniň asylly häsiýeti, kuwwatlylygy we ajaýyp daşky görnüşi bilen tanalýar. Friz aty asyrlaryň dowamynda Niderlandlar Patyşalygynyň baý atçylyk däpleriniň we mirasynyň özboluşly nyşany bolup gelýär.
Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilýän çäreler 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli guralýar. Çäreleriň giň maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň gözellik we dressaž bäsleşikleri, konkur, ylmy-amaly maslahat, halkara sergiler, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hem-de medeni çäreler geçirilýär.









