Ahalteke atlarynyň halkara çempionatyny her bäş ýyldan geçirmek teklip edildi

BT
Ahalteke atlarynyň halkara çempionatyny her bäş ýyldan geçirmek teklip edildi
Halkara atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginden pursat, 2026-njy ýylyň 5-nji sentýabry, Kronenberg, Niderlandiýa ( Surat: BT)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlarda geçirilýän ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşdy. Gubanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda şu görnüşli iri halkara atçylyk çärelerini, çempionatlary her bäş ýyldan bir gezek halkara derejesinde geçirmegi göz öňünde tutmagy teklip etdi diýip, “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda Kronenbergde geçirilýän häzirki çäräniň köp ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalaryny bir ýere jemländigini belläp, çäräniň ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň we pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýändigini aýtdy. 

Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň zerurdygyny nygtap, aň-bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ahal-teke atlarynyň dünýä atçylyk sportunyň iri ýaryşlaryna gatnaşmagyny giňeltmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýaş atlary baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmegiň zerurdygyny nygtady.

Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilýän çäreler 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli guralyp, türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsini Ýewropada giňden şöhlelendirýär. Giň maksatnamanyň çäklerinde dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň gözellik we dressaž bäsleşikleri, konkur, ylmy-amaly maslahat, halkara sergiler we beýleki çäreler geçirilýär. Şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hem-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň wekilleriniň konserti guralýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022