Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “NesilCoffee” hususy kärhanasy önümçliginiň sanawyna täze “Karak” çaýyny goşup, kofe we çaý önümleriniň görnüşlerini 17-ä ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň hünärmeni Aşgabatda 17-19-njy sentýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň dowamynda “Business Turkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
Kärhananyň önümleriniň görnüşleriniň hatarynda däneli we ereýän kofeniň 5 görnüşi, tebigy sublimirlenen kofeniň 6 görnüşi we “Karak” çaýy bar. Däneli kofeleriň hataryna “Espresso”, “Intenso”, “Classic”, “La Crema” we “Speciale”, ereýän kofeleriň hataryna bolsa “Caramel Latte”, “Vanilla Latte”, “Coffee Latte”, “Cappuccino” we “Hazelnut Coffee” girýär.
Kärhananyň önümçilik kuwwaty Italiýanyň, Çehiýanyň, Germaniýanyň we Gresiýanyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle hem önümçilik üçin zerur çig mallar 14-den gowrak ýurtdan, şol sanda Günorta Amerika we Afrika ýurtlaryndan, şeýle hem Efiopiýa, Tanzaniýa, Kolumbiýa we Gwatemaladan getirilýär. Kärhana kofe önümçiliginde“arabica” bilen “robusta” görnüşleriniň möçberini özi kesgitläp, önümleriň hili bolsa kärhananyň öz barlaghanasynda gözegçilikde saklanýar.

Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna däneli kofä, 700 tonna ereýän kofä we 40 tonna tebigy sublimirlenen kofä barabardyr. Önümler ISO 9001, ISO 22000 we Halal standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyryldy.
“NesilCoffee” önümleri içerki we daşarky bazarlarda satylyp, önümler Gazagystana, Gyrgyzystana, Owganystana we Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär. Şeýle hem bu kärhana 2026-njy ýyldan başlap önümlerini Azerbaýjana, Özbegistana, Täjigistana we Çeçen Respublikasyna hem eksport edip başlady.
“NesilCoffee” brendi 2017-nji ýylda esaslandyrylyp, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda kofe önümlerini öndürýän zawody işe girizildi. Häzirki wagtda kärhanada 70-den gowrak işgär zähmet çekýär.

















