Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 2026-njy ýylyň 11–12-nji noýabry aralygynda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli ugradan gutlag hatynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkiýäniň Prezidenti gutlag hatynda Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, parahat we uzak ömür arzuw etdi.
Rejep Taýyp Ärdogan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň diliň, medeniýetiň, diniň we taryhy kökleriň umumylygyna esaslanýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.
Gutlag hatynyň ahyrynda Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine we onuň ýakynlaryna berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň adyndan gutlag hatlary gelip gowuşdy.

















