Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine Hazar deňzindäki heläkçilik zerarly gynanç bildirdi

BT
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine Hazar deňzindäki heläkçilik zerarly gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Döwlet Baştutany hatynda şu kyn pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Gazagystanyň resmi maglumatlaryna görä, waka Mangistau welaýatynda harby okuw-türgenleşiginiň dowamynda bolup geçdi. Howa şertleriniň birden ýaramazlaşmagy we ýeliň güýçlenmegi netijesinde 17 sany harby gullukçy açyk deňizde betbagtçylykly ýagdaýa sezewar boldy. Olaryň 14-si aradan çykdy, üçüsi bolsa halas edildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem bu pajygaly waka zerarly aradan çykan harby gullukçylaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny bildirdi hem-de degişli komissiýa wakanyň ýagdaýlaryny anyklamak we merhumlaryň maşgalalaryna kömek bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022