Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda ahalteke bedewleriniň şanyna guraljak dabaralaryň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň we milli atşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty boýunça pikir alyşmalaryň geçiriljek ýerlerinde döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda öňde boljak çäreleriň taýýarlygy we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 16-njy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew baýramçylyk günlerinde geçiriljek toý-baýramlaryň, at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň taýýarlygy barada maglumat berdi.
Mundan başga-da, ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle-de Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak çäreleriň we telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin degişli düzümleriň bilelikdäki işiniň zerurdygyny belledi. Şeýle hem atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy.















