Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýär

BT
Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýär
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giň gerimli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Şeýle dabaraly çäreleriniň hatarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 27-nji sentýabrda dabaraly ýöriş guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Dabaraly ýöriş Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň hem-de harby tehnikalarynyň ýörişi bilen başlandy. Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen ýörişde Watan goragçylary ýokary hünär ussatlygyny görkezdi. Dürli kysymly harby tehnikalar we ýaraglaryň nusgalary hem görkezildi.

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny gutlady. Döwlet Baştutany öz gutlag hatynda Garaşsyzlygy milli döwletliligiň sarsmaz binýady we halkyň baş buýsanjy hökmünde häsiýetlendirip, häzirki döwürde täze şäherleriň we obalaryň, ajaýyp binalaryň gurulýandygyny, geljegiň uly maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda Garaşsyzlygyň bagtyna we ruhlandyryjy güýjüne daýanyp, baýramyň agzybirlikde we jebislikde bellenilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ýokary zähmet görkezijileriniň gazanylýandygyny, Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygynyň we durnuklylygynyň has-da berkidilýändigini belledi.

Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly toýy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. 

Konsertde Gahryman Arkadagynyň sözlerine döredilen “Bedew” aýdymy ýerine ýetirildi. Aýdym Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy baýramçylyk konsertiniň jemleýji çykyşyna öwrüldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022