Aşgabatda 9-njy oktýabrda "Aşgabat" köpugurly stadionynda daşary ýurtly meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.
Konsertiň maksatnamasynda dünýäde giňden tanalýan meşhur aýdymçylary çykyş ederler. Aýdym-saz muşdaklaryň öňünde Russiýanyň tanymal aýdymçysy Nýuşanyň, Türkiýäniň ýyldyz aýdymçylary Hadise we Murat Bozyň hem-de Liwanyň meşhur aýdymçysy Maýa Diabynyň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
Konsert üçin petekler Aşgabat şäher häkimliginiň resmi ashgabat.gov.tm web-sahypasynda we "Sanly şäher" mobil goşundysynda onlaýn görnüşde satuwa çykarylyp, olary islendik bank karty bilen satyn alyp bolýar.
Satyn alyş wagtynda stadiondaky sektor saýlanyp, oturuljak ýerler bolsa awtomatiki usulda bellenýär. Bir hasapdan bäş petege çenli satyn almak mümkindir. Petekleriň satyn alnyşy we hasaba alyş tertibi barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýtyndaky görkeziji wideodan goşmaça maglumat alyp bolýar.














