Daşoguz welaýatynyň “Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplyşykdaky önümçilik kärhanasy”-na şu ýyl Hytaýyň “Julong” kysymly dört sany täze ponton görnüşli ýer gazyjy gämisi gelip gowuşdy. Bu barada duşenbe güni “Altyn Asyr” elektron neşiri habar berdi.
Gämiler suw howdanlarynyň düýbüni çuňlaşdyrmak we arassalamak üçin niýetlenenip, olaryň ýygnalýan gurluşy iş geçirilýän ýeriň özünde ýygnamaga we sökmäge, şeýle hem islendik ýapyk suw howdanyna daşamaga giň mümkinçilik berýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu tehnikalar ýokary öndürijiligi bilen we işläp düzüjiliginiň çuňlugy, gurnawynyň aňsatlygy,işleýşi we tehniki hyzmaty bilen tapawutlanýarlar.
Tehniki gözden geçirilişden geçirilenden soň, ýer gazyjy gämiler eýýäm welaýatyň suw howdanlarynda işe girizildi. Zeýkeş-zeýakaba torlaryny gurýan we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrýar. Häzirki wagtda kärhananyň tehniki parkynda Niderlandlaryň “Beaver” kysymly ýer gazyjy gämileri hem bar.
Kärhana şu ýyl ýer gazyjy gämilerden başga-da, täze kuwwatly buldozerler, zynjyrly susguçly ekskawatorlar we dürli maksatlar üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglar gelip gowuşdy.















