Raşid Meredow rus we belarus kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdi

BT
Raşid Meredow rus we belarus kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry. (Surat: Russiýanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Russiýanyň we Belarusyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow hem-de Maksim Ryženkow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatlaryna görä, taraplar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga, Hazarýaka döwletleriniň dialogyna we “Russiýa — Merkezi Aziýa” formatyndaky gatnaşyklara hem garadylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary işler edaralarynyň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Ryženkow bilen geçirilen duşuşykda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda esasan hem syýasy dialoga, pudagara gatnaşyklara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Belarusyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022