SPE Hazar tehniki maslahatyny Aşgabatda geçirmegi göz öňünde tutýar

BT
SPE Hazar tehniki maslahatyny Aşgabatda geçirmegi göz öňünde tutýar
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen SPE-niň tehniki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşyjylar. 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: TEF)

Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň dowamynda her ýyl geçirilýän “Hazar” tehniki maslahatyny we sergisini 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirmek mümkinçiligine seretmek barada maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) atly halkara maslahatyň we serginiň bilelikde guramaçysy bolan “Turkmen Energy Forum” (TEF) habar berýär.

Wekiliýetiň düzümine SPE-niň 2025-nji ýyldaky prezidenti Oliwýe Huze, guramanyň Ýewropa we Hazar sebitlerinde işewürligi ösdürmek hem-de sebit çärelerini guramak boýunça wekili Grigori Zaraiskiý, şeýle hem SPE-niň Russiýa we Hazar sebiti boýunça sebit direktory wezipesine girişýän Ali Nagyýew girdi.

Wekiliýet “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşiklere “Dragon Oil”, PETRONAS, “Eni” we CNPC ýaly halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşyklarda ýerli hünärmenleriň SPE-niň işine gatnaşygyny giňeltmek, tehniki tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda SPE-niň tehniki meseleler boýunça “tegelek stol” maslahaty hem geçirildi. SPE-niň Türkmenistandaky bölüminiň ýolbaşçysy Nazar Atajanowyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahatda pudagyň esasy tehniki meselelerine garaldy. Olaryň hatarynda ulanylyş möhletiniň soňky tapgyryndaky ýataklary özleşdirmek, kese guýulary burawlamak, uglerody tutmak, peýdalanmak we saklamak tehnologiýalary (CCUS), şeýle hem nebitgaz inžiniringinde emeli aňy ulanmak bar.

Maslahatyň netijeleri boýunça SPE-niň Türkmenistandaky bölümi 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny taýýarlamagy teklip etdi. Bu resminamanyň çäklerinde tehniki webinarlar we okuw maslahatlaryny geçirmek, guramanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ýaş inženerleri çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde SPE-niň talyplar jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de uniwersitetiň nebitgaz pudagy bilen gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine hem üns berildi.

SPE-niň Hazar tehniki maslahatyny we sergisini 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky teklip häzirlikçe deslapky maslahatlaşmalar tapgyrynda bolup, onuň durmuşa geçirilmegi üçin gurama we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen goşmaça ylalaşyk gazanylmalydyr. Şeýle hem 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde SPE-niň aýratyn “tegelek stol” maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onda tehniki innowasiýalar, hünär taýdan ösüş we nebitgaz pudagynyň bilim hem-de ylmy-barlag edaralary bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.

2022