Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 104 milliard manatdan geçdi

BT
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 104 milliard manatdan geçdi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 104 milliard 436,6 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 736, 2 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 46 milliard 729,34 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 45 milliard 871 million manady düzdi.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 850 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 17 milliard 694,90 million manada ýetdi.

Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 36 milliard 856,48 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 29 milliard 214 million manada ýetdi.

2022