TDHÇMB-nyň söwdalarynda $16 millionlyk gidroarassalanan dizel ýangyjy satyldy

BT
TDHÇMB-nyň söwdalarynda $16 millionlyk gidroarassalanan dizel ýangyjy satyldy
Nebit önümlerini daşamak üçin demir ýol wagonlary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda jemi 16 million 46 müň 250 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserninden gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 4 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurtda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022