Daşoguzly daýhanlar her gektardan 80 sentner sarymsak hasylyny almagy meýilleşdirýärler

BT
Daşoguzly daýhanlar her gektardan 80 sentner sarymsak hasylyny almagy meýilleşdirýärler
Sarymsak hasyly (Surat: Ilo Frey / Pexels)

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda şu ýyl 780 gektar meýdada güýzlük sarymsak ösdürilip ýetişdirilýär. Daýhanlar her gektardan azyndan 80 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazetinde habar berilýär.

Welaýatyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynda 150 gektar, Garaşsyzlyk etrabynda bolsa 140 gektar möçberinde sarymsak ekinleri üçin iň uly meýdanlar bölünip berildi.

Soňky ýyllarda welaýatyň daýhanlary ýerli howa şertlerini göz öňünde tutup, sarymsak ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribe topladylar. Sebitiň şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly we kesellere durnukly sortlaryň saýlanyp alynmagy, şeýle hem zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýerli sarymsak özüniň tagam aýratynlyklary we uzak wagtlap saklanmaga ukyplylygy bilen welaýat ilatynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Ýygnalan hasyly saklamak üçin sebitde ýöriteleşdirilen desgalar, şol sanda soňky ýyllarda gurlan döwrebap sowadyjy ammarlar bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022