Türkmen azyk öndürijileri “SIAL Paris” azyk senagaty sergisine gatnaşdylar

BT
Türkmen azyk öndürijileri “SIAL Paris” azyk senagaty sergisine gatnaşdylar
Türkmen öndürijileriniň “SIAL Paris” sergisindäki diwarlygy, 2026-njy ýylyň 17–21-nji oktýabry, Fransiýa, Pariž (Surat: Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy)

Türkmenistanyň “Miwe” we “Asly Türkmen” kompaniýalary, şeýle hem “Erem”, “Miwada” we “GurFood” haryt nyşanlary 17–21-nji oktýabrda Parižde geçirilen azyk senagaty boýunça halkara “SIAL Paris” sergisine gatnaşdylar. Türkmen azyk öndüijilerijniň sergä gatnaşmagyny Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) gurady. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Sergide kakadylan we sublimirlenen miweler, kişmiş, badam, süýjüler hem-de guradylan miwelerden taýýarlanan batonçikler görkezildi. Serginiň dowamynda türkmen öndürijileri dürli ýurtlardan gelen alyjylaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdiler.

 “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Yhlas Hudaýnazarow aýtmagyna görä, daşary ýurtly alyjylar türkmen badamyna we “Erem” haryt nyşanly sublimirlenen önümlere uly gyzyklanma bildirip, alyjylar önümleriň hiline we bahalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyna ýokary baha berdiler.

Iki ýyldan bir gezek geçirilýän “SIAL Paris” sergisi azyk senagaty boýunça iri halkara sergileriň biri hasaplanýar. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylda sergä 130 ýurtdan 8 müň kompaniýa gatnaşdy. Sergide takmynan 400 müň önüm görkezilip, startaplaryň sany bolsa 650-ä ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022