Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada TDG-nyň XIII sammitiniň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmenistanly kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy Prezident köşgüniň girelgesinde mähirli garşylady. Soňra iki ýurduň Döwlet Baştutanlary bilelikde surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň 13-nji sammiti 30-njy oktýabrda Ankarada”Türki asyr: dilde, pikirde we işde birlik” şygary astynda geçiriler. Onuň gün tertibine laýyklykda gurama agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, guramanyň işini kämilleşdirmek we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak bilen bagly meselelere garalar.
Sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Ankara Jarnamasyny, şeýle hem türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we TDG-niň guramaçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe resminamalary kabul etmegine garaşylýar.
















