"Türkmennebit" Gazagystanyň "KSP Steel" kompaniýasyndan 11,000 tonna turba satyn alar

BT
"Türkmennebit" Gazagystanyň "KSP Steel" kompaniýasyndan 11,000 tonna turba satyn alar
“Türkmennebit” döwlet konserni bilen Gazagystanyň “KSP Steel” kompaniýasynyň arasynda şertnama gol çekmek dabarasy, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: “QazTrade”)

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni Gazagystanyň "KSP Steel" kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalary satyn almak barada Șertnama baglaşdy. Bu barada Gazagystanyň "QazTrade" Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.

Turbalary satyn almak boýunça Ylalaşyga 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026” atly halkara maslahatynyň çäklerinde "KSP Steel" kompaniýasynyň täjirçilik direktory Bauržan Kožabekow tarapyndan gol çekildi. 

Habarda bellenilişi ýaly, turbalar Gazagystanyň Pawlodar şäherindäki kärhanada öndüriler we Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda giňden ulanylar.

Gazagystanyň metallurgiýa önümleriniň Türkmenistana eksportyny göz öňünde tutýan şertnama Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyryljak söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022