Brýusselde Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

BT
Brýusselde Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Brýusselde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” Strategik institutlarynyň ilkinji forumyna gatnaşyjylar, 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabry (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Brýusselde geçirilen Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň Strategik institutlarynyň ilkinji forumynyň çäginde geçirilýän ykdysadyýet boýunça mejlisinde Ýewropanyň “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, önümleriň gaýtadan işleniş derejesini ýokarlandyrmak we täze önümçilikleri döretmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Batyr Nyýazlyýew we Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow gatnaşdylar. Iki gün dowam eden çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik we seljeriş edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň düzümleriniň wekilleri, şeýle hem halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk we ykdysadyýet boýunça ýewropaly bilermenler gatnaşdylar. Forum Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar gullugynyň binasynda, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň edarasynyň we ÝB-niň Howpsuzlyk meselelerini öwrenmek institutynyň (EUISS) ýardam bermeginde geçirildi.

Forumyň dowamynda halkara howpsuzlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag we energetika arabaglanyşygy, maýa goýumlary çekmek, tehnologiýalary ornaşdyrnak, sanlylaşdyrmak we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Şeýle hem Transkaspi halkara ulag geçelgesini ösdürmäge, onuň infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, söwdany giňeltmek we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harytlarynyň Ýewropa bazarlaryna çykmagyny ýeňilleşdirmek üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň işewür toparlarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2027-nji ýylda Aşgabatda göni işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary öňe sürmäge gönükdirilen "Merkezi Aziýa – ÝB" ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini nygtady.

Maslahatyň dowamynda türkmen tarapy umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemekden anyk taslamalary durmuşa geçirmek tapgyryna geçmegiň möhümdigini nygtady. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine, şol sanda türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna ibermek mümkinçiliklerine, şeýle hem Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022