Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň emeli aň howpsuzlygy boýunça Akaba prosesiniň çäklerinde geçiriljek duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystanyň Astana şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gazagystanyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, ýurduň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşylady. Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy emeli aň ulgamyndaky howpsuzlyk, sanly giňişligi goramak we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanýar. 2015-nji ýylda döredilen Akaba prosesi döwlet Baştutanlarynyň, bilermenleriň we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda häzirki zaman howplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary dowam edýär.















