TDHÇMB-da ýanwar–oktýabr aýlarynda 25 987 şertnama hasaba alyndy

BT
TDHÇMB-da ýanwar–oktýabr aýlarynda 25 987 şertnama hasaba alyndy
Aşgabatda geçirilen halkara sergileriň birinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň diwarlygy (Surat: BT)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (THÇMB) 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25987 şertnama hasaba alyndy. TDHÇMB-nyň umumy girdejileriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 146,4 göterime deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň ösüş depgini 107,3 göterime deň bolup, bu döwürde edara tarapyndan 22 sergi we 10 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda 2026-njy ýylda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny öz içine alýan birnäçe halkara sergileri we işewürlik çäreleri guralyp, olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi, “Ak şäherim Aşgabat”, “Agro Pack Turkmenistan”, “Türkmentextile Expo”, “Turkmentravel” we “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin “ atly halkara sergi-ýarmarkasy bar. Sentýabr aýynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi, oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2026) we “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly halkara maslahat hem-de sergi (OGT 2026) geçirildi.

Noýabr aýynyň başynda Aşgabatda gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan “CIET 2026” atly halkara sergi we maslahat geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi internet sahypasynda çap edilen çäreleriň senenamasyna görä, 24–26-njy noýabrda paýtagtda ulag we üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan “ITTC 2026” atly halkara maslahat we sergi, şeýle-de telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary boýunça XVII halkara “Turkmentel 2026” sergisi geçiriler.

2022