Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy noýabrda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen “Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk” atly Akaba prosesiniň sammitine gatnaşdy. Bu barada Gazagystanyň prezidentiniň resmi metbugaty “Akorda” habar berýär.
Akaba prosesiniň sammitine Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin al-Huseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew we beýleki resmi wekiller gatnaşdy.

Akaba prosesi 2015-nji ýylda Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin al-Huseýn tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyç bolup, häzirki zaman howplaryna garşy göreşmäge gönükdirilendir.
Bu meýdança döwlet Baştutanlaryny, ýörite gulluklaryň, harby edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, emeli aň ulgamyndaky howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ýüze çykýan howplara umumy düşünjäni kemala getirmek we olara garşy amaly çäreleri ylalaşmagy maksat edinýär.















