“Tebigy ekin” daýhan hojalygy ýeralmanyň we bugdaýyň bol hasylyny aldy

BT
“Tebigy ekin” daýhan hojalygy ýeralmanyň we bugdaýyň bol hasylyny aldy
Türkmenistanda ýeralma hasylynyň ýygnalyşy (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Tebigy ekin” daýhan hojalygy şu ýyl 2 müň tonna bugdaý we ýer almanyň her gektaryndan 180 sentner hasyl aldy. Bu ýerde däneli we gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda, gowaça hem ösdürilip ýetişdirilip, bagbançylyk we üzümçilik bilen hem meşgullanýarlar. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

2018-nji ýylda döredilen “Tebigy ekin” daýhan hojalygy şu ýyl 400 gektara bugdaý, 100 gektara gowaça, 268 gektara kartoşka we 130 gektara käşir ekdi. Şeýlelikde bugdaýyň her gektaryndan 50 sentner, kartoşkanyň her gektaryndan bolsa 180 sentner hasyl alyndy.

Daýhan hojalygyň işiniň ýene bir ugry bagbançylyk we üzümçilik bilen bagly bolup durýar. Hojalygyň 23 gektar meýdanynda miweli agaçlar ýetişdirilip, şonuň 9 gektarynda üzüm, galan böleginde alça, şetdaly, garaly, gök erik we alma ekilýär.

Hojalygyň garamagynda häzirki wagtda iki sany ýyladyşhana hereket edip, üçünjisiniň gurluşygy bolsa tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu ýerde 140-a golaý adam zähmet çekip, hojalygyň tehniki binýadynyň esasy bölegini “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary düzýär.

Ýetişdirilen hasyl bir bölegi baglaşylan şertnama laýyklykda welaýatyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigine tabşyrylýar, galan bölegi bolsa welaýatyň söwda nokatlaryna ugradylyp, ilata ýetirilýär.

“Tebigy ekin” daýhan hojalygynda ekerançylyk bilen bir hatarda, ahalteke atlaryny köpeltmek işi hem alnyp barylýar. Hojalyga degişli atlar welaýat atçylyk-sport toplumynda geçirilýän möwsümleýin atçylyk-sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022