Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Täşliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Italiýada bolup, ýurduň Hasap palatasynyň işi we döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak boýunça tejribesi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Rim şäherinde Duşenbe güni Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Täşliýew bilen Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlinonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar öz edaralarynyň işi, ygtyýarlyklary we esasy iş ugurlary barada maglumat berdiler. Döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek, şeýle hem döwlet buýurmasy esasynda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Saparyň çäklerinde sişenbe güni bilermenler derejesinde duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda taraplar gözegçilik we audit çärelerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar. Şeýle hem döwlet auditiniň milli ulgamlarynyň işiniň aýratynlyklary we geljekde özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti çarşenbe güni Italiýanyň Lombardiýa sebitinde, Milan şäherinde ýerleşýän Hasap palatasynyň sebitleýin bölümine baryp gördi. Bu ýerde wekiliýet bölümiň iş aýratynlyklary, hususan-da, sebit we ýerli häkimiýet edaralarynyň býujetleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň usullary bilen tanyşdylar.
Ilçihananyň bellemegine görä, bu sapar Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary maliýe gözegçilik edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şeýle hem ol öňdebaryjy tejribe alyşmak we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin esas döretdi.














