Türkmen alymlary we hünärmenleri, mundan beýläk hem oba hojalygynda ulanmak maksady bilen, “Altyn Asyr” Türkmen kölünde ýygnanýan suwuň anyk möçberini we hilini, şeýle-de bu sebitde ýetişdirilýän oba hojalygy ekinleriniň aýratynlyklaryny içgin öwrenerler.
“Altyn Asyr” Türkmen köli Garagum çölüniň Garaşor çöketligindäki emeli köldür. Ol ýurduň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden zeý suwlaryny ýygnaýan suw akabalarynyň bir bitewi ulgamy bolup, bu zeý suwlary tebigy Garaşor çöketligine gönükdirilýär.
Garaşor çöketligi Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän 120 kilometrlik tebigy oýlukdyr. Onuň giňligi 20 kilometre barabar bolup, bu çöketlik deňiz derejesinden 28 metr aşakda ýerleşýär. Milli çaklamalara görä, häzir Garaşor çöketliginde 580 million kubmetre golaý suw bar.
Şeýle-de hünärmenler “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň töwereginde daýhan birleşiklerini döretmek bilen bagly meseläni içgin öwrenerler. Olar hususan-da köle ýakyn ýerlerde gök-bakja önümleriniň ekilmegi, balykçylyk we düýedarçylyk bilen bagly mümkinçiliklere aýratyn üns bererler. Alymlar we hünärmenler kölde ýygnanan suwy netijeli ulanmak boýunça ylmy teklipleri hem taýýarlarlar.
“Altyn Asyr” Türkmen köli taslamasy 2000-nji ýylda ýola goýuldy. Taslama doly tamamlanandan soň, onuň meýdany 2000 km2, iň çuň ýeri bolsa 70 metre barabar bolup, bu kölde 130 kubkilometre golaý suw ýygnanar.