Dubaýda türkmen halylarynyň we sowgatlyk önümleriniň dükany açylar

Dubaýda türkmen halylarynyň we sowgatlyk önümleriniň dükany açylar
Türkmen halylaryny Internetiň meşhur söwda meýdançalarynda ýerlemek mümkinçiligi öwrenilýär.

Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan degişli kärhana döredildi. Şäheriň söwda merkezleriniň birinde umumy meýdany 84 inedördül metr bolan desga kärendä alyndy. Häzirki döwürde ony milli äheňde döwrebaplaşdyrmak, merkezi türkmen halylary we haly önümleri, şeýle hem dokma, sowgatlyk önümler bilen üpjün etmek işleri alnyp barýlýar.

Bu ýerde döredilen kärhananyň üsti bilen ownuk söwdadan daşgary Türkmenistanyň eksport harytlarynyň köp görnüşleriniň lomaý söwdasyny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem bütin dünýä Internet-söwda ulgamyndaky iňlis dilinde ýörite sahypa açmak göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, türkmen halylaryny Internetiň meşhur söwda meýdançalarynda ýerlemek mümkinçiligi öwrenilýär. Dubaý şäherinde milli dükanyň açylyş dabarasyny şu ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde geçirmek göz öňünde tutulýar.

2022