Magdanlyda emulsiýaly reňkleri gowulandyryjy madda çykarmak özleşdirildi

Magdanlyda emulsiýaly reňkleri gowulandyryjy madda çykarmak özleşdirildi
Türkmenistanda öndürilen "Trend" markaly boýag

Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki gurluşyk materiallary zawodynda himiki çökündili hek çykarýan seh açyldy. Onuň üçin enjamy – desgalaryň ikisini kärhananyň we “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň hünärmenleri bilelikde taýýarladylar.

Himiki çökündili hek ýerli çig maldan–senagat we gurluşyk materiallarynyň gorlaryndan – ýurduň gündogar sebitiniň henneklerinden çykarylýan hek daşyndan alnar. Reaktorlar işe girizileni bäri 12 tonnadan gowrak emulsiýaly reňkleri gowulandyryjy madda öndürildi. Ozal döwlete degişli we hususy kärhanalar ony daşary ýurtlardan satyn alýardylar. Täze önüme ýokary baha berildi, oňa dünýä ölçeglerine laýyklygy barada sertifikat berildi.

Zawodda işlenilip taýýarlanylan tehnologiýa laýyklykda hek daşy owradylýar we peçde 1200 gradusdan ýokary gyzgynlykda 72 sagatlap gyzdyrylýar. Netijede ondan kükürturşy gaz bölünip çykýar, hek daşdan suw hem aýrylandan soň kalsiý oksidi alynýar. Soňra ol üwelýär, hekdaş süýdüne öwrülenden soň, oňa uglerod goşulýar. Ondan soň garyşdyrylýar we kristallaşdyrylýar. Hek zerrejiklerine ulanylýan ýerine görä şekil we göwrüm berilýär.

Reňkleri taýýarlamagyň düzgünine çökündi hekiň goşulmagy onuň düzümini durnuklaşdyrýar, netijede gurluşyk materialynyň hili gowulanýar: onuň ýitiligi we ýalpyldysy güýçlenýär, mehaniki sypatlary ýokarlanýar.

Himiki çökündili hekiň dürli önümçiliklerde: ýokary hilli kagyz, plastmas, rezin önümleri önümçiliginde ulanylýandygyny bellemek gerek. Ol şeýle-de diş pastalaryny, kosmetiki serişdeleri öndürmekde, derman senagatynda peýdalanylýar.

2022