Türkmenistanyň Prezidenti UCI-niň şahadatnamasy bilen sylaglandy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti UCI-niň şahadatnamasy bilen sylaglandy
Dawid Lappartýeniň belleýşi ýaly, bu tapawutlandyryş nyşanlary Türkmenistanyň we onuň Lideriniň sporty ösdürmekde hem-de umuman, ählumumy parahatçylygy we ösüşi berkitmekde oňyn başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasynyň subutnamasydyr.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda guralýan dabaralaryň çäginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Welosipedçileriň halkara birleşiginiň minnetdarlyk şahadatnamasy bilen sylaglady. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman milli Liderimizi we türkmen halkyny şanly waka — Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde dünýä rekordynyň — iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş hökmünde dünýä rekordynyň goýulmagy mynasybetli gutlady. Bu netije Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de degişli şahadatnama gowşuryldy.

Dawid Lappartýeniň belleýşi ýaly, bu tapawutlandyryş nyşanlary Türkmenistanyň we onuň Lideriniň sporty ösdürmekde hem-de umuman, ählumumy parahatçylygy we ösüşi berkitmekde oňyn başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasynyň subutnamasydyr.

UCI-niň ýolbaşçysy bütin dünýäde welosiped güni ýaly ajaýyp senäni bellemek başlangyjy bilen çykyş eden ýurt hökmünde Türkmenistanyň welosiped sportunyň halkara hereketi babatynda mynasyp merkez bolup biljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Welosipedçileriň halkara birleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda iş ýüzündäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dawid Lappartýeniň nygtaýşy ýaly, giň gerimli sport ýaryşlaryny mynasyp derejede geçirmekde Türkmenistanyň tejribesi Welosipedçileriň halkara birleşiginiň howandarlygynda öňde boljak dünýä derejeli bäsleşikleri hem ýokary derejede guraljakdygynyň ygtybarly kepili bolup durýar.

2022