Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda “Haryt nyşanlary hakynda” we “Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda” Kanunlaryň taslamalary deputatlaryň garamagyna hödürlenildi. Bu barada resmi metbugatda habar berilýär.
Çykyş eden parlamentarileriň belleýşi ýaly, häzir Türkmenistanda çykarylýan önümleriň möçberleri artýar hem-de gerimi giňeýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi täze senagat we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, şol sanda telekeçileriň giňden gatnaşmagynda şeýle kärhanalaryň gurulmagy daşary ýurtlardaky şonuň ýaly harytlara üstünlik bilen bäsdeşlik edip bilýän ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmäge, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bularyň ählisi täze kanunçylyk namalarynyň wajypdygyny şertlendirýär.
“Haryt nyşanlary hakynda” we “Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda” Kanunlaryň taslamalary hukuk taýdan goramak hem-de haryt nyşanlaryny we harytlaryň gelip çykyşynyň ýerleriniň atlandyrylyşyny peýdalanmak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Munuň özi işewürligi we marketingi guramagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanýan ýurdumyzyň kärhanalarynyň daşary söwda işlerini işjeňleşdirmek babatda hem uly ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Haryt nyşany ýuridik şahsyň ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň harytlaryny aýrybaşgalaşdyrmaga hyzmat edýän belgidir.