“Türkmenhowaýollary” uçuşyň howpsuzlyk standartlaryny ýokarlandyrýar

“Türkmenhowaýollary” uçuşyň howpsuzlyk standartlaryny ýokarlandyrýar
“Türkmenhowaýollary” gullugy ýük daşamak boýunça ýurduň öňdebaryjy kompaniýasydyr.

Türkmenistan awiakompaniýasy (TUA) Ýewropanyň howa gatnawlarynyň howpsuzlyk agentliginiň (EASA) standartlary bilen utgaşykly iş alyp barmaga ygrarly bolup galýandygyny yglan edýär.

“Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasynyň metbugat beýanatyna görä, Türkmenistanyň howaýollary operatory Germaniýanyň “Lufthansa Consulting” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde esasy dolandyryş ulgamyny özgertmegiň hem-de ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň üstünde yzygiderli iş alyp barýar. Bu çäre Howpsuzlyk we Hil dolandyryş ulgamynyň has hem kämilleşdirilmegini, resminama dolanyşygynyň ösdürilmegini we iş gidüwini, işgärleriň okuw-türgenleşigini, programmalaryň ulanylyşyny hem-de degişli ugurlar boýunça enjamlaşdyrylyşy öz içine alýar.

29-njy maýda “Türkmenistan” awikompaniýasynyň dolandyryjylary “Lufthansa Consulting” bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň Howa howpsuzlygy komitetiniň tehniki maslahatçysy bolan EASA-nyň Üçünji Ýurt Operatorlary (TCO) toparyna howpsuzlyk ülňüleriniň ösüş depgini barada hasabat berdi. 

EASA indiki duşuşygyň iýul aýynyň ikinji ýarymynda geçirilmegini makullady. Awiakompaniýa EASA-nyň ülňülerini ornaşdyrmak boýunça indiki ädim hökmünde, EASA edarasyna ýerinde gözden geçiriliş üçin resmi talaby awgust aýynyň başlarynda iberjekdigini mälim etdi.

“Lufthansa Consulting” kompaniýasynyň howpsuzlyk hünärmenleri “Türkmenhowaýollary” gullugyna uçuşyň howpsuzlygy babatda geçirilýän çäreleri artdyrmak hem-de giň göwrümli iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça goldaw bermäge dowam edýärler.

Dolandyryş merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenhowaýollary” gullugy Türkmenistanyň ýolagçy we ýük daşamak boýunça milli kompaniýasydyr. Awiakompaniýa esasan hem Aşgabat Halkara howa menzilinden ýerli we daşary ýurt ugurlary boýunça ýolagçy gatnadýar we ýük daşaýar. Kompaniýa ýerli ugurlar boýunça her gün 5 müňden gowrak, ýylyň dowamynda bolsa içerki we daşary ýurt gatnawlary boýunça 3 milliondan gowrak ýolagçy gatnadýar. Awiakompaniýanyň düzümi “Boeing" 737, 757, 777 we ýük daşaýan “Il-76” ýaly döwrebap uçarlar bilen üpjün edilendir.

2022