Dokama däl serişdeleriň önümçiliginde ýerli çig mal ulanylar

Dokama däl serişdeleriň önümçiliginde ýerli çig mal ulanylar
Adamyň derisine mikroorganizmleriň geçmegine garşy göreşmek häsiýetleri bolan bu serişde lukmançylykda, kosmetologiýada we hojalykda giňden ulanylýar.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda “spanleýs” dokama däl serişderleriň önümçiligini, geljekde bolsa “spanbond” tehnologiýasy boýunça sintetiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Pudagyň hünärmenleri “Spunlace” tehnologiýasyny ulanmak arkaly önümçilik kärhanasynyň gurluşygyny alyp barjak potratçyny saýlamak üçin bäsleşik yglan etdiler.

“Spunlace” – ýelim ulanmazdan, ýokary basyşly suw akymynyň üsti bilen süýümleri berk birikdirilen dokama däl serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasydyr. Netijede, ýokary gigroskopikli ýumşak üpürjiksiz (worssyz) önüm alynýar.

Adamyň derisine mikroorganizmleriň geçmegine garşy göreşmek häsiýetleri bolan (pagtadan we lýondan 60% ýokary) bu serişde lukmançylykda, kosmetologiýada we hojalykda giňden ulanylýar. Zerur ýagdaýda material gowy sterilizirlenýär.

Üpürjiksiz gurluş dürli şekilli we ölçegli önümleri, şol sanda hasalary, lukmançylyk halatlary, hirurglar üçin geýim toplumy ýaly önümleri öndürmeklige mümkinçilik berýär. Bu materialda arzan çig malyň ulanylmagy oňa bolan islegi has-da artdyrýar. Mundan başga-da, “spanleýsyň” düzüminde pagtanyň ulanylmagy bu dokama däl önümiň köp ýuwulmaga çydamlylygyny artdyrýar, gowy boýalýar.

“Spanleýs” usuly bilen biz öndürilende, başlangyç çig mal hökmünde köp halatlarda wiskozadan, polipropilenden, sellýulozadan we pagtadan süýümler ulanylýar. Şol sanda, türkmen dokmaçylary egriji senagatynyň arassalanan we agardylan galyndylaryny ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

“Spanbond” serişdesiniň önümçiliginde çig mal hökmünde Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilýän polipropilen ulanmak meýilleşdirilýär. Bu inçe polipropilen süýümlerinden ybarat bolan dokama däl termoberkidilen material bir gezeklik eşikleriň önümçiliginiň esasy bolup durýar. Bioinertlilik, berklik we elýeterli baha bu serişdeleriň bähbitli tarapydyr.

“Spanbond” serişdesiniň önümçiligindäki aýratynlyklary we fiziki-mehaniki häsiýetleriniň köpdürlüligini göz öňünde tutsak, senagatyň köp ugurlarynda: oba-hojalygyň dokma önümlerinde, bir gezeklik eşiklerde, şeýle-de lukmançylyk geýimleriniň taýýarlanyşynda giňden peýdalanylýar, gurluşyk membranalarynyň we gidroizolýasiýa materiallarynyň önümçiliginde esas bolup durýarlar, ýeňil senagatda furnitura-gaplaýyş materillary hökmünde, örtükleriň, torbalaryň taýýarlanyşynda peýdalanylýar.

Bu serişdeler aýal we çaga arassaçylygynda, lukmançylyk bölümleri üçin bir gezeklik eşikleriň öndürilişinde, kosmetologiki salonlarynda ulanylýar. Şeýle hem ýörite geýimleri üçin sintetiki serişdeleriň öndürilişi meýilleşdirilýär. “Spanbond” serişdesi sintetik düşekleriň öndürilişinde hem ulanylyp bilner. Olar ýokary berkligi we az dykyzlygy, gipoallergenligi bilen häsiýetlendirilýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr”

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022