Şu ýylyň geçen bäş aýynda «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynda taýýarlanýan haly önümleriniň ählisi diýen ýaly içerki we daşarky bazarlaryň uly isleg bildirýän harytlarydyr.
Geçen döwürde bu öňdebaryjy kärhanada milli buýsanjymyza öwrülen dürli ölçegdäki halylaryň 761 inedördül metre barabary dokalyp, pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 860 müň manada golaýlady. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilendiginden habar berýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100 müň manada golaý haly-palas önümleriniň artyk dokalandygyny aňladýar.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 10-sy degişli bolup, bular ýurduň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.