Owgan mermeri Azerbaýjana Türkmenistandan üstaşyr daşalýar

BT
Owgan mermeri Azerbaýjana Türkmenistandan üstaşyr daşalýar
Dustyň mermer zawody, Hyrat, Owganystan

Owganystandan 115 tonna mermerden ybarat ýüküň ilkinji tapgyry Türkmenistandan üstaşyr Azerbaýjana üstünlikli gowuşdy diýip, Owganystan Biznes Habar Portalynda bellenýär.

“Bu täze ugur Azerbaýjanyň bazarlarynyň Owganystanyň önümleri bilen tanyşmagyna hem-de iki ýurduň arasynda söwda hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşant goşar” diýip, beýanatda nygtalýar.

Dabaraly açylyşa Söwda ministrlikleriniň we hususy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük komitetiniň maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar-maý aýlary boýunça Azerbaýjan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda dolanşygy ABŞ-niň 48 million dollaryna barabar boldy.

Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna baglaýan halkara üstaşyr ugry bolan Lazurit koridory 2018-nji ýylda açyldy. Lazurit ulag üstaşyr koridorynyň bir bölegi bolan Serhetabat-Turgundy demir ýoly 2018-nji ýylyň Fewral aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Bu türkmen-owgan demir ýolunyň gurluşygyny Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy.

Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň (ACCI) maglumatyna görä, Günorta Aziýadan Ýewropa daşaljak ýükleriň 80%-i bu ugur boýunça hereket eder.

Owgan hünärmenleri ýurtda öndürilen önümleriň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ugradylmagynyň Owganystan üçin amatly şert döredýändigini we sebitdäki hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrýandygyny uly höwes bilen belläp geçýärler.

2022