Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, ol ýerde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň ösüşine, Hazar deňziniň kenarýakasynyň ekologik ýagdaýyna baha berdi diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz mundan hem beýläk Awazanyň abadançylyk işlerine gözegçilik etmegi we desgalaryň, şeýle hem üstaşyr-ulag ulgamynyň ýerlikli ulanylmagy babatda anyk tabşyryklar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna bardy we deňiz menzilinde Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabaty diňledi. Bu uly halkara çäresiniň çäklerinde “Hazar innowasion tehnologiýalar” sergisini we “Türkmen sährasy-2019” awtomobil sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň iň ýokary derejede guralmagy bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde jikme-jik işlemegi, şeýle-de Awazanyň oňaýly ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamagy tabşyrdy.
“Hazar innowasion tehnologiýalar” sergisiniň meýdanynda türkmen tarapyna 880 inedördül metr ýer we daşary ýurt kompaniýalarynyň sergileri üçin 1332 inedördül metr ýeri beriler. Hormatly Prezidentimiz “Türkmen sährasy-2019” awtomobil sergisiniň meýdanynda hem bolup gördi.