Türkmenistanyň Daşary işler we Energetika ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekiliýeti Parižde geçirilýän “Senagatda energiýa netijeliligi we uzakmöhletleýin energiýa maksatnamasy” atly maslahata gatnaşdy.
Bu iki günlük maslahat EU4Energy maksatnamasynyň çäklerinde Halkara energetika agentligi we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gurnaldy. Energiýa netijeliligi we uzakmöhletleýin maksatnama boýunça bilermenler GDA döwletleriniň wekiliýeti bilen öňdebaryjy tejribeleri paýlaşdylar.
EU4Energy bu Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Gündogar hyzmatdaşlygy (GH) we Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Ermenistan, Azerbaýjan, Belorussiýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldawiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina we Özbegistan döwletlerine gönükdirilen täze energiýa maksatnamasydyr.
EU4Energy-ň esasy maksady on bir ýurduň energetika pudaklarynda energiýa netijeliligi gowulandyrmakdan hem-de maglumat alyş-çalyşyny we dolandyrylyşyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Maksatnama 2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda başlady we 2020-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder.