“Algap” – “Begler ýoly” hususy kärhanasynyň täze haryt nyşany

BT
“Algap” – “Begler ýoly” hususy kärhanasynyň täze haryt nyşany
“Begler ýoly” HK öndüren plastiki gaplaryny “Algap” haryt nyşany bilen bazara hödürlemäge taýynlanýar.

Ýerli gazhimiýa zawodlarynyň köpelmegi bilen plastik gaplary öndüriji telekeçileriň sany hem ýokarlanyp başlady. Polietilen we polipropilen gaplary öndürijileriň biri hem “Begler ýoly” hususy kärhanasydyr.

2014-nji ýylda esaslandyrylan “Begler ýoly” hususy kärhanasy azyk önümleri, göwrümli suwuklyklar, arassalaýjy we ýuwujy serişdeler üçin niýetlenen plastik gaplary, bir gezeklik ulanylýan plastik aşhana gurallaryny, miwe we bakja önümlerini ýüklemek üçin plastik gutulary öndürýär.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri hökmünde kärhananyň satuw işlerinden jogapkär direktory Nazar Döwletow bilen söhbetdeş bolduk.

Içerki bazarda esasan azyk önümçiligini alyp barýan telekeçiler bilen işleşýändiklerini aýdan Nazar Döwletow şeýle maglumat berdi:

– Esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde “Nur” haryt nyşanly önümleri görkezmek bolar. Göwrümi 0.8 litre deň bolan bedrejiklerden gündelik 20 müňden gowragy kärhanamyz tarapyndan üpjün edilýär; 2 million sany plastik gaby satmak boýunça täze şertnama baglaşdyk. Ýakynda “Nur” haryt nyşanly üwmeçleriň gaplarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Şeýle hem, “Elin” haryt nyşanly käbir önümler biziň plastiki gaplarymyzy ulanýarlar. Häzirki wagtda “Täze aý” kompaniýasy bilen hem gepleşikler alyp barýarys.

N.Döwletow, plastik gaplary öndürmek üçin gerekli çig maly ýerli zawodlardan alýandyklaryna ünsi çekip, “Türkmenhimiýa” ýaly käbir döwlet edaralary üçin hem gap öndürýandiklerini beýan etdi.

“Ýokary hilli çig malyň ulanylmagy netijesinde öndürilýän bir gezeklik ulanylýan plastiki aşhana gurallarynyň çydamlylygy has hem ýokarlanýar, döwülmeýär” diýip, Nazar belläp geçdi.

“Ilki bilen bazary seljerýäris”

Döwletow “Begler ýoly” hususy kärhanasyna ýüz tutýan telekeçileri dogry gaplar bilen üpjün etmek üçin ilki bilen bazary seljerýändiklerini aýtdy:

– Bir gabyň önümçiligine başlamazdan ozal bazary seljerýäris. Eger şol önüme telekeçileriň we halkyň arasynda isleg bar bolsa çykarmaga başlaýarys. Şeýle hem bize ýüz tutýan telekeçilere öz maslahatlarymyz bilen bazarda orunlaryny tapmaga ýardam berýäris. Sargyt edilen islendik görnüşdäki plastiki gaplary öndürmäge mümkinçiligimiz bar.

Azyk we beýleki senagat ugurlarynda ýerli önümçiligiň geriminiň giňemegi bilen täze görnüşli gaplaryň zerurlygy artýar. Şeýle gaplary öndürmek üçin özlerine gelýän sargytlar barada maglumat beren Nazar, ýakynda arassalaýjy serişdeler we konditer önümleri üçin niýetlenen plastiki gaplaryň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Kärhana müşderiniň isleglerine görä IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda hem gaplary öndürip bilýär. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan bu tehnologiýa harydyň etiketkasyny plastiki gap galyba guýulanda ýelmeýär. Islendik şertlerde etiketka öz durkuny saklaýar.

Plastik zibilleri gaýtadan işleýän zawod

“Daşky gurşawyň dosty” şygary bilen hereket edýän “Begler ýoly” hususy kärhanasy polipropilen, pet we rezin önümleri gaýtadan işleýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Söwda merkezlerine we beýleki köp adamly ýerlerde plastik zibilleri ýygnamaga niýetlenen ulgamlary ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Gaýtadan işlenen zibillerden öndürilen plastiki önümler azyk senagatyna degişli bolmadyk ugurlarda ulanylýar.

Daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda azygy aýap saklamak boýunça işleri amala aşyrýandyklaryny aýdan Nazar şeýle belläp geçdi:

– Azyk harytlarynda ulanyljak plastik gaplarda ýörite nyşan goýulýar. Gabyň halkara azyk howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini görkezýän bu nyşan ýörite barlaglaryň netijesinde kärhana berilýär. Azyk senagaty üçin öndürýän plastik önümlerimiziň ählisinde şol nyşany görüp bilersiňiz. Eger satyn alýan azyk harydyňyzyň gabynda şeýle nyşan ýok bolsa, şol önümi almazlyk bilen öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz!

“Algap” haryt nyşany we eksport ugurlary

“Begler ýoly” hususy kärhanasy öndüren plastiki gaplaryny “Algap” haryt nyşany bilen bazara hödürlemäge taýynlanýar.

“Algap” haryt nyşany esasy satuw işlerinde ulanylar. Häzirki wagtda brending işleri dowam edýär.

Maý aýynda Daşkent şäherinde geçirilen “AGRO-PACK–2019” sergisine gatnaşan kärhana iýun aýynyň başyna Özbegistanyň “Sabe” doňdurma öndürijisine 1 litrlik gaplardan 50 müň sanysyny eksport etdi. Hyzmatdaşlyk dowam eden ýagdaýynda, sargyt mukdarynyň aýlyk 250 müňe çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

2022