Hazar deňzi – Gara deňzi ulag ugruny döretmek barada maslahat edildi

Hazar deňzi – Gara deňzi ulag ugruny döretmek barada maslahat edildi
Gatnaşyjylar bu ugur boýunça bar we ulanmaga taýýar bolan ulag infrastrukturalary, ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

24-nji iýunda Buharestde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda, ýük ugruny güýje girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça hünärmen işçi toparyň dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyga dört döwletiň daşary işler, içeri işler, ulag, söwda, gümrük, serhet ministrlikleriniň we migrasiýa gullugynyň wekilleri, Türkmenbaşy, Konstantsa, Baku deňiz portlarynyň, ulag-logistika merkezleriniň we döwletleriň işewürlik jemgyýeçilikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler şu ýylyň 4-nji martynda Buharest şäherinde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşyga we onuň çäklerinde kabul edilen, Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugryny döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça dört döwletiň syýasy meýillerini şöhlelendirýän Buharest Beýannamasyna salgylandylar.

Mejlisler görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda gatnaşyjylar agzalan ulag ugrunyň Ýewropanyň we Aziýanyň döwletlerini birleşdirmekdäki orny, onuň 2019-njy ýylyň iýunynda Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň täze Strategiýasy we 2018-nji ýylyň oktýabrynda Ýewropa we Aziýada özara baglanyşyk boýunça ÝB-niň Strategiýasy ýaly kabul edilen resminamalaryň kontekstindäki ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjylar bu ugur boýunça bar we ulanmaga taýýar bolan ulag infrastrukturalary, ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, taraplar agzalan ugry işe girizmek üçin amatly şertleriň döremegine we “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňlendirmegine ýardam berýän milli derejede normatiw-hukuk aktlaryny işläp düzmek we girizmek boýunça meselelere seredip geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda 25-nji iýunda türkmen wekiliýeti “Konstantsa deňiz portlarynyň administrasiýasynyň” ýolbaşçylary bilen duşuşdylar we deňiz portuň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

2022