Günorta-Gündogar Aziýa we Arap ýarym adasyna täze gatnawlar ýola goýulýar

Günorta-Gündogar Aziýa we Arap ýarym adasyna täze gatnawlar ýola goýulýar
Täze howa gatnawlarynyň mundan hem beýläk ösmegi iň döwrebap howa tehnikasy – uzak aralyga uçýan aňrybaş uçar Boeing 777-200 LR-iň gatnadylyşy bilen baglanyşyklydyr.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça gatnawy ýygjamlaşdyrmagy hem-de Günorta-Gündogar Aziýa we Arap ýarym adasy ugry boýunça täze gatnawy ýola goýmakçy bolýar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Iýul aýynyň 3-den sentýabr aýynyň 11-ne çenli Tatarystanyň paýtagtyna täze Boeing 737-800 uçary goşmaça gatnawlary amala aşyrar. Uçar Aşgabatdan hepdäniň çarşenbe günleri sagat 6:25-de ugrar.

Şu ýyl ýurduň awiaişgärleri yzygiderli halkara gatnawlarynyň gerimini giňeltmegi maksat edinýär. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň hünämenleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen göni gatnawy ýola goýmak barada gepleşikler geçirýär. Şunlukda ilkinji Tokýo – Aşgabat – Tokýo howa gatnawy ýola goýuldy. “Aşgabatsyýahat” döwlet syýahatçylyk kärhanasy bilen “Türkmenhowaýollary” gullugy bilelikde 26-30-njy iýun aralygynda ýaponiýaly syýahatçylar üçin ýörite gatnawy işläp düzdüler.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri, Günorta-Gündogar Aziýa we Arap ýarym adasy boýunça howa gatnawlarynyň mundan hem beýläk ösmegi iň döwrebap howa tehnikasy – uzak aralyga uçýan aňrybaş uçar Boeing 777-200 LR-iň gatnadylyşy bilen baglanyşyklydyr. Bu örän rahat howa gämisi Hoşimin (Wýetnam) şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar we Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpura täzelenen gatnaw boýunça yzygiderli hereket eder.

Awiaişgärler Türkmen paýtagtyndan Günorta-Gündogar Aziýa ugry boýunça mukaddes ýerlere syýahatçylary gatnatmaga we yzyna getirmäge amatly geografiki ýerleri ulanmagy meýilleşdirýär. Türkmen howa gatnawy ýolagçylary Aşgabatdan Saud Arabystan Patyşalygynyň Jidde şäherine äkider, bu şäher Mekke we Medinä haj parzyny ýerine ýetirmäge barýan adamlaryň esasy tapgyryny kabul edýän deňiz portudyr.

Häzirki wagtda Ýewropanyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň, Tailandyň we Wýetnamyň syýahatçylaryny Arap ýarymadasyna Aşgabadyň üsti bilen gatnatmak ugurlarynyň üstünde işlenilýär. Bu gatnawlar Germaniýadan, Fransiýadan, Angliýadan, Russiýadan we Türkiýeden gelýän gatnawlar bilen gabat gelip, tranzit ugry boýunça gatnaýan syýahatçylar üçin amatly bolar. Täze ugurlaryň şu ýylyň noýabr aýynda açylmagy meýilleşdirilýär.