Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze bellenen ilçisini kabul etdi
ABŞ-niň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow

26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habar bermegine görä, täze bellenen ilçi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy babatda işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Parahatçylygy, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygy, döwrüň wehimlerine garşy hereket etmegi üpjün etmek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin rowaçlygy pugtalandyrmagyň we şertleri döretmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik döredijilikli syýasatynyň eýeleýän orny, şeýle hem energiýa howpsuzlygy ulgamynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda hem-de beýleki möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklar babatda öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti bellenildi.

Şunda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmäge, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmäge ýurdumyzyň uly goşandy nygtaldy. Bu bolsa TOPH transmilli gaz geçirijisi ýaly anyk düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi däp bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň yzygiderli özara hoşniýetli erke daýanyp, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Mettýu S.Klimow mundan öň Brýusselde NATO-nyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň kömekçisi, 1974-2003-nji ýyllar aralygynda bolsa ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň ofiseri wezipesinde işläp, polkownik harby çini bilen hormatly dynç alyşa çykdy. Ol ençeme diplomatiki wezipelerde, şol sanda Döwlet Departamentiniň Konsullyk býurosynyň we Administrasiýa býurosynyň ýerine ýetiriji direktory wezipelerinde hem işledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022