Türkmen Liderini doglan güni bilen gutladylar

BT
Türkmen Liderini doglan güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri – Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Birleşen Arap Emiratlarynyň Prezidenti Şeýh Halif bin Zaýed Al Nahaýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gutladylar.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet ýolbaşçylary hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde mundan hem beýläk uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen bir hatarda daşary ýurtly hökümet ýolbaşçylary – Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Pişinýan, BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammet bin Raşid Al-Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýan, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý, şeýle-de Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmen Liderine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdylar.

2022