29-njy iýunynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar.
Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine we mümkinçiliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.
Media-forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary B.Annamämmedow, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenawtoýollary” agentliginiň orunbasary J.Garaýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary A.Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rejepow çykyş etdiler.
Çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumynyň hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtadylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.