BMW 2025-nji ýylda dolulygyna satuwa çykarylmazyndan ozal 20-nji ýyllaryň başynda wodorod bilen işleýän hereketlendirijili X5 seriýaly awtomobili öndürip başlajakdygyny “Forbesiň” ýazyjysy Maýkl Teýlor habar berdi.
“Ýigriminji ýyllaryň başynda X5 seriýaly wodorodda işleýän awtomobilleriň uly bolmadyk sany çykarylar, 2025-nji ýylda bolsa “Toyota” konserni bilen bilelikde ol köpçülikleýin öndürilip başlanylar” diýip, nemes öňdebaryjy awtomobil öndürijisiniň ösüş boýunça direktory Klaus Frelih hem geçen hepdede geçirilen “BMW tech” okuw maslahatynda habar berdi.
BMW-niň esasy bäsdeşi Mersedes-Benz eýýäm Ýewropa bazaryna ýangyç elementlerinde (wodorodda) işleýän “GLC Fuel Cell” kysymly elektromobilleri satuwa çykardy. “Toyota”, “Honda” we “Hyundai” konsernleriniň hem wodorodly ýangyç elementli seriýalaýyn goýberýän awtomobilleri bar.
“BMW Group” Ýewropadaky awtomobilleriň bölüp çykarýan kömürturşy gazynyň mukdaryny 122 grama çenli azaltdy. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, Ýewropa Bileleşiginiň parkynyň hasabyna munuň her kilometre öňküsinden 2 gram azdygyny aňladýar. BMW Group bu ugurda köpden bäri synag geçirýär. 1995-nji ýyldan bäri onuň Ýewropada satuwa çykarýan awtomobilleriniň bölüp çykarýan kömürturşy gazynyň mukdary 42%-den gowrak kemeldi.
Wodorod ulagy – ýangyç hökmünde wodorody ulanýan ulag serişdesidir. Häzire çenli wodorod 95% diýen ýaly tebigy gazdan alynýar.