“Samsung” nobatdaky “Galaxy Unpaсked 2019” çäresi üçin çakylyklary ýaýratmaga başlady. Kompaniýanyň metbugat beýanyna görä, 7-nji awgustda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek çärede “Galaxy dünýäsiniň aragatnaşyk mümkinçiliklerini indiki derejä çykarjak” täze enjamlar ulanyjylara hödürlener.
Metbugat habarlaryna görä, çärede kompaniýa “Galaxy Note” akylly telefonlarynyň täze nusgasyny aýan eder. Şeýle hem “S Pen” akylly galamlaryna goşulan täze aýratynlyklar görkeziler.
“Iberilen çakylyklaryň merkezinde ýerleşdirilen kamera şekili bolsa "Galaxy Note 10" akylly telefonlaryň öň tarapyndaky kamerasynyň ortada ýerleşjekdigini aňladýar” diýip, bilermenler belleýärler. Çärede “Galaxy Note 10+” we “Galaxy Note 10 Pro” akylly telefonlary hem tanadylar. Täze smartfonlaryň 5G aýratynlygy we 12 GB RAM bilen müşderilere hödürlenmegine garaşylýar.
Kompaniýa täze önümlerinde gulaklyk deşiklerini hem aýyrmagy mümkin. Munuň ýerine simsiz gulaklyklary öňe sürer ýa-da adaty gulaklyklaryň telefona girýän bölegini Type-C bilen çalyşar diýlip çak edilýär. Gulaklyk bilen bagly “Galaxy Note 10-a” giriziljek täzelikler 2020-nji ýylda çykmagyna garaşylýan “Galaxy S11” akylly telefonlarynda hem gaýtalanar.