Türkmenistanyň 24-nji Halkara nebit-gaz maslahaty oktýabrda geçiriler

Türkmenistanyň 24-nji Halkara nebit-gaz maslahaty oktýabrda geçiriler

Şu ýylyň 22-23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň 24-nji Halkara nebit-gaz sergi-maslahaty geçiriler diýip, “Türkmennebit” döwlet konserni habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň, dünýäniň iri nebit-gaz kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Daşary ýurt işewürleriniň hatarynda Shell, Petronas, Gazprom, Gaffney, Cline & Associates, Hyundai, Vitol, CNPC, Dragon Oil, ENI, BP, Socar, Exxon Mobil, Buried Hill, IFC, ADB, Allen & Overy ýaly birnäçe iri kompaniýalar bar.

Maslahatyň gün tertibinde gazhimiýa pudagynyň möhüm ugurlary bilen birlikde, Hazaryň türkmen böleginiň özleşdirilişi, “Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan” (TOPH) gazgeçiriji taslamasynyň gurluşygy we nebitgaz toplumynda täze maýa goýum taslamalary bilen bagly meselelere serediler. Mundan başga-da, ozal gazanylan ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekiler.

Halkara nebit-gaz maslahaty Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen her ýyl geçirilýän abraýly işewürlik forumydyr. Bu forumda Türkmenistanyň nebitgaz bazaryna, täze nebithimiýa taslamalaryna dolulygyna syn berler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary özleriniň toplan tejribelerini paýlaşarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022