Ýokary okuw mekdeplerine täze rektorlar bellendi

Ýokary okuw mekdeplerine täze rektorlar bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň rektorlaryny bellemek hakynda Parmanlara gol çekdi. Permana laýyklykda Öwezgeldi Işangulyýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadylyp, şol wezipä Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýew bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Saparberdi Çaryýew pensiýa gitmegi sebäpli, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy we onuň ýerine Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewa bellenildi.

Rasul Hangeldiýewiç Amangeldiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory wezipesine bellenip, ol konserwatoriýanyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem Serdar Goçakowiç Nazarow Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesine bellenildi.

2022