ÝB-niň ýokary derejeli wekili Aşgabada we Bişkege sapar edýär

ÝB-niň ýokary derejeli wekili Aşgabada we Bişkege sapar edýär
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini

Ýewropa Komissiýasynyň (ÝK) metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini şenbe we ýekşenbe günleri Türkmenistanda we Gyrgyz Respublikasynda resmi saparda bolýar.

Saparyň esasy maksatlarynyň biri 7-nji iýulda Bişkek şäherinde ministrler derejesinde geçiriljek 15-nji ÝB we Merkezi Aziýa maslahaty bolar. Bu duşuşyk ÝK tarapyndan 15-nji maýda, Daşary işler geňeşi tarapyndan 17-nji iýunda kabul edilen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze maksatnamasyny maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.

Duşuşykdan öň Mogerini Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Ýokary derejeli wekil Aşgabat saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Daşary işler ministri bilen duşuşyklary geçirer, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetini açmak boýunça ylalaşyga gol çeker.

Bişkekde Mogerini Gyrgyz Respuplikasynyň Prezidenti bilen duşuşar, ýurduň Daşary işler ministri bilen ÝB-Gyrgyz hyzmatdaşlygy boýunça täze ylalaşyga gol çekerler. Duşuşykdan soňra bilelikdäki metbugat ýygnagy geçiriler.

Ýekşenbe güni, Federiko Mogerini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işleri ministrleriniň gatnaşmagynda ÝB we Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşar.