Türkmenistan bilen ÝB hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýar

BT
Türkmenistan bilen ÝB hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýar
Türkmenistanyň baş diplomaty şenbe güni bolan gol çekişlik dabarasyna "Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli gatnaşyklarda örän möhüm täze bir tapgyryň başlangyjy" diýip baha berdi. (Suratyň çeşmesi: Orient)

Ýewropa Bileleşigi Aşgabatda doly güýjünde hereket etjek Wekiliýetini açmak bilen, dünýädäki 142-nji Wekiliýetini ýola goýup, Merkezi Aziýadaky diplomatiki edaralarynyň üstüni ýetirer.

"Bu ädim ençeme ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň ygrarly bolup galýandygyny görkezýär" diýip, Aşgabada sapar bilen gelen ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Federika Mogerini ÝB-niň Türkmenistandaky Wekiliýetini açmak boýunça şenbe güni bolan gol çekişlik dabarasynda aýtdy.

Mogerini Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen "hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça içgin, netijeli we oňyn gepleşikleri geçirendigini" belledi.

"Hususan hem, Daşary işler ministri bilen Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak boýunça umumy çemeleşmelerimiz barada pikir alyşdyk. Bu ugurdaky tagallalarymyz birdir" diýip, Mogerini Aşgabatdaky çärede aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow "şu gün gol çekilen resminama ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatiki hyzmatdaşlygyň gerimini taze derejä çykarýar" diýdi.

"Biz energiýa çeşmeleriniň daşalmagy we bu ugurda Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen bilelikde başyny başlan we durmuşa geçirýän uly möçberli hem-de uzakmöhletleýin taslamalary barada pikir alyşdyk" diýip, Meredow žurnalistlere aýtdy.

"Elbetde, biziň gepleşiklerimiz ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda bilim, medeniýet we ylym pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky mowzuklary hem öz içine aldy" diýip, Meredow belledi.

Türkmenistanyň baş diplomaty şenbe güni bolan gol çekişlik dabarasyna "Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli gatnaşyklarda örän möhüm täze bir tapgyryň başlangyjy" diýip baha berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň duşuşykdan soň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň we ÝB-niň resmileri Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, onda sebitleýin hyzmatdaşlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, energiýa howpsuzlygynyň, oňyn maýa goýum şertleriniň döredilmeginiň we ekologiýa meselelerini bilelikde çözmegiň wajyp orny bellenilip geçilendir.

Taraplar şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bir hatarda ulag ulgamlaryny we sebitleýin energetika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça wajyp taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar we bilelikdäki strategiki maksatlaryň durmuşa geçirilmegine ygrarly bolup galýandyklaryny belläp geçdiler.

Türkmenistana edýän saparynyň dowamynda Federika Mogerini Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy tarapyndan hem kabul edildi.

ÝB-niň Aşgabatdaky Wekiliýetiniň şu ýylyň sentýabr aýyndan başlap açylmagy meýilleşdirilýär.

2022