Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 7-nji iýulda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda taraplar ýokarda görkezilen Strategiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bagly bolan iş ýüzündäki meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler. Şunlukda Strategiýanyň ileri tutulýan üç sany ugrunyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn gurallaryň döredilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýeti “ÝB – Merkezi Aziýa” formatynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda howpsuzlyk, energetika, ulag, ekologiýa, bilim we medeniýet ýaly strategiki taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyk häsiýetli özara hereketleriň giňeldilmegi boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdi.
72 million ýewrolyk maliýe goldawy
Maslahatda tanyşdyrylan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň çäklerinde daş-töweregi we klimaty goramak, durnukly önümçilik, energiýa, gender deňligi we bilim ýaly ugurlarda amala aşyryljak ýerli taslamalara maliýe goldawy berler.
Bileleşik Täjigistanda guruljak gidroelektroenergiýa stansiýasy üçin 20 million ýewro, Owganystanyň ykdysady ösüşi üçin 2 million ýewro, Gyrgyz Respublikasynyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin 36 million ýewro, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi ýola goýjak “SWITCH” taslamasy üçin 14 million ýewro maliýe serişderisini aýrar.
2014-2020-nji ýyllar aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn we sebitleýin maliýe goldawlarynyň mukdary 1 milliard ýewrodan geçer.